img
EMBASSY OF TURKMENISTAN
GEORGIA - TBILISI
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img

Türkmenistanyň ilçisi halkara ylmy maslahatyna gatnaşdy

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow hormatly myhman hökmünde alym, akademik Eter Kemertelidzeniň 100 ýyllygyna bagyşlanan «Gruziýanyň farmasiýasy: geçmişi we şu güni» atly II halkara ylmy-amaly maslahatyna çagyryldy.

Tbilisiniň döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan gurnalan maslahata Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri M.Sarjweladze, Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri G.Mikanadze, Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory I.Natroşwili, şeýle hem gruziýaly we daşary ýurtly alymlar, farmasiýa pudagynyň hünärmenleri, lukmançylyk we sintetiki himiýa boýunça bilermenler, analitikler we farmakologlar gatnaşdylar.

Maslahatyň maksady — Gruziýanyň dermanhana pudagynyň taryhy ösüşini, onuň häzirki zaman gazananlaryny we geljekki mümkinçiliklerine seretmek, şeýle hem halkara akademiki we hünär hyzmatdaşlygyny berkitmekden ybarat boldy.