SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Gruziýa maliýe-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Maliýe ministri L.Hutsişwili bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar maliýe-ykdysady ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara maýa goýumlaryny giňeltmek, bank ulgamyny ösdürmek we salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, maliýe gurallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýar. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki meselelerini we türkmen-german gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatda...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Fizuli Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Ýolugra ýörite gurnalan ýerde hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan binalaryň, şeýle-de Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidi...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary
2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. “Zagulba” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasyny...
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Dialogyň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça Dialogyň bilelikdäki ýolbaşçylary — Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar gullu...
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
2026-njy ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisi geçirildi. Oňa toparyň türkmen tarapyndan agzalary, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýet topary gatnaşdy. Mejlisiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alşyldy, ozal gazanylan ylal...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 20-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewi kabul etdi. Jamşid Hojaýew bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Özbegistanda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini, ýurdu...