Garabogaz köli: aýlagyň tükeniksiz baýlygy

Garabogaz aýlagy Türkmenistanyň iň belli tebigy ýerleriniň biri we ýer ýüzünde iň iri duzly basseýndir. Onuň akwatoriýasynyň meýdany 18 müň inedördül metre golaýdyr.
Gabagoaz aýlagynyň Hazar deňziniň iň duzly ýeridigini köp kişi bilse-de, onuň duzlylygynyň deňziňkiden düýpli tapawutlydygyny bilýän az bolsa gerek. Onuň düzüminde glauber duzunyň (mirabilitiň) möçberiniň köplügi sebäpli aýlagyň suwy hatda Selsiý boýunça 10 gradus sowukda-da doňmaýar.
Aýlagy deňizden demirgazyk we günorta çägelik zolak bölýär. Bu ýerde suwy çöl üstünden aýlaga guýan ýeke-täk deňiz derýasy bolupdyr. Deňiz bilen aýlagyň derejeleriniň tapawudy 4 metre golaý bolupdyr, şonuň üçinem Hazaryň suwy gaty bosagadan uly tizlikde aksa, derýa suwy güwwüldäp aşak inipdir...
1715-nji ýylda ýelkenli gämilerde bogazyň üsti bilen aýlaga girmäge töwekgellik eden ilkinji barlag alyp baran knýaz Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiý bolupdyr, ol Pýotr I buýrugy bilen deňziň şu böleginiň we aýlagyň ilkinji takyk geografik kartasyny düzüpdir.
1726-njy ýylda rus gidrogeografy we kartografy F. I. Soýmanowyň ýolbaşçylygyndaky ikinji ekspedisiýa bu ýere gelýär. Ýöne deňizçiler «Gara bogazda» wepat bolmakdan gorkansoň olar aýlaga girip bilmändirler. Gämileri sorup alýan girdap barad gepler olaryň meýlini başa bardyrmandyr.
Ahyrsoňy, 1836-njy ýylda G.S. Kareliniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa gaýyklarda aýlaga girmek başardypdyr. Karelin: «Garabugaz aýlagyna aýratyn deňiz diýse-de boljak...» -diýip ýazypdyr.
1847-nji ýylda guralan ekspedisiýa I. M. Žerebsow ýolbaşçylyk edipdir. Ol hem edil G. S. Karelin ýaly, aýlaga haýran galypdyr. Onuň sözlerine görä, aýlagyň « suwy hat-da gysga wagtda hem polat zatlary çüýredýän eýmenç eken». «Duz, çäge we beýleki bar zat gazaply kenarlaryň we aýlagyň suwunyň üstünden höküm sürýär. Onuň iýiji-duzly suwy bu ýere düşen balygyň gözüni kör edip, ony öldürip kenara zyňýar. Gezen ençeme ýylymda-da beýle ýowuz we deňizçilere howp salýan beýle kenarlara duş gelmändim»-diýip ýazypdyr.
Tizara Garabogaz kölüniň dürli sypatly mineral duzlarynyň hazynasydygy belli bolansoň, aýlaga «Altynly mekan» diýip at berip ugradylar. Aýlagyň mineral baýlyklary barada tutuş dünýä belli boldy. Ol Mendeleýewiň tablisasynyň elementleriniň ählisi diýen ýaly bolan üýtgeşik gidromineral çig mal gory hökmünde tanalyp ugrady. ХХ asyryň başynda alymlaryň köpüsi aýlagyň baýlygyny öwrendiler.
1924-nji ýylda Garabogazda natriý sulfaty senagat taýdan alnyp ugraldy. 1929-njy ýylda ilkinji himiýa kärhanasy -- «Garabogahim» tresti döredilip, ol 1940-njy ýylda «Garabogazsulfat» kärhanasyna öwrüldi. Beýik Watançylyk urşy ýyllary bu ýerde gips çykarylyşy we ony gospitallara ibermek ýola goýuldy.
Şol ýyllarda natriý sulfatyndan başga-da, senagat taýdan epsomit (magniý sulfaty) we bişofit (hlorly magniý), lukmançylyk glauber duzy, deňiz duzy, nahar duzy we senagatyň dürli pudaklarynda ulanylýan beýleki minerallar öndürilip başlady.
Segsen ýyldan gowrak döwürde aýlagyň serişdeleriniň esasynda himiýa önümleriniň ondan gowrak görnüşiniň önümçiligi guraldy. Muňa garamazdan, alymlaryň pikirine görä, Garabogaz aýlagynyň mineral çig malynyň mundan beýläk hem toplumlaýyn ulanylmagy himiýa senagatynyň diwersikasiýasyny çaltlandyrar we gidrometallurgiýanyň kemala gelmegi üçin binýat döreder. Bu bolsa önümçilik komponentleriniň we taýýar önümleriň ençemesiniň importyny azaldar, ýurduň eksport mümkinçiligini ep-esli ýokarlandyrar.
1980-nji ýylda hünärmenleriň garşylykly pikirlerine garamazdan, aýlagyň berk gaçy bilen baglanmagy netijesinde ol çalt gurap ugrady we birnäçe ýyldan soň äpet duzly çöle öwrüldi, şol sebäplem Garabogaz kölüniň töwereginiň ekologiýasy zaýalandy, duzly tupanlar turup başlady. Aýlag çalt gurap başlady. Mundan diňe bir çykaga bardy – olam gaçyny ýykmakdy. 1992-nji ýylda gaçy ýykylandan soň deňiz suwy aýlaga akyp başlady.
Garabogaz kölündäki häzirki önümçilikde natriý sulfaty, bişofit, epsomit, nahar duzy, brom ýaly senagat önümleriniň ondan gowrak görnüşi alynýar. Ýöne alymlaryň we hünärmenleriň pikirine görä, aýlagyň baýlygynyň bir bölegi ulanylýar. Bar bolan gidromineral çig mal serişdeleriniň esasynda geljegi uly we özara baglanşykly senagat önümçilikleriniň ýene ençemesini döretse boljak, olardan önüm almak tehnologiýasy dünýä önümçilliginde mälimdir. Gürrüň Mendeleýewiň tablisasynyň 65 göterimi bolan bişofiti giňişleýin ulanmak barada barýar.
Aýlagyň mineral çig maly bolan magniý rapasynydan bölünip alynýan natriý sulfatynyň, bişofitiň, epsomitiň we magniý okisiniň dünýä önümçiliginiň kosmos tehnikasyndan, awiasiýa we awtomobil gurluşygyndan başlap, ösümlikçilige we sabyn öndürmäge çenli dürli pudaklarynyň 25-sinden gowragynda ulanylýandygy anyklandy. Şonuň üçinem aýlagyň tükeniksiz baýlygynyň senagat önümçiliginde toplumlaýyn ulanylmagynyň Türkmenistan üçin strategik ähmiýeti bardyr.
«Garabogazsulfat» ÖB-niň binýadynda täze önümçilikleriň guralmagy ýurduň himiýa senagatynyň mümkinçiligini has-da giňeltmäge we reňkli metallurgiýa, gidrometallurgiýa, maşyngurluşygy ýaly geljegi uly täze pudaklary döretmäge mümkinçilik berer.