Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hödürlän taslamasyny ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasynyň bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan etmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde instituta degişli pul sylagy gowşuryldy.
Ylymlar akademiýasynyň we Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy.
Bölünip berilýän serişdeler orta asyr golýazma we köne neşir kitaplaryny rejelemek boýunça taslamany maliýeleşdirmäge hem-de surat nusgalaryny aýap saklamak üçin maglumatlar toruny döretmäge gönükdirilendir. Çykyş edenler hat we neşir kitap mirasynyň täsin gymmatlykdygyny hem-de halkyň taryhy hakydasynyň möhüm düzüm bölegidigini, oňa örän aýawly çemeleşmegi talap edýän milli baýlyk hökmünde garalýandygyny nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, bu işleriň geçirilmegi golýazma we köne neşir kitap gaznalarynyň goralyp saklanylmagyny üpjün eder, giň okyjylar köpçüligi üçin bu täsin neşirlere elýeterliligi artdyrar. Elektron kitaphananyň döredilmegi bolsa dürli ugurlarda alymlaryň we hünärmenleriň özara hereketlerini işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.
Dört ýylyň içinde 80 sany golýazma, köne neşir kitaplarynyň abatlanylmagy hem-de aýalyp saklanylmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem şu halkara maksatnama boýunça 2007-nji we 2008-nji ýyllarda bölünip berlen pul serişdeleri boýunça gadymy golýazma kitaplaryň 100-den gowragynyň abatlanylandygyny bellemek gerek.
Geljekde institut golýazmalar bilen bir hatarda, häzirki zamanyň ylmy usullaryny ulanmak arkaly litografik gaznalary aýap saklamak we olary rejelemek işlerini geçirmegi meýilleşdirýär. Bu ugurlarda tejribe alyşmak maksady bilen, ABŞ-nyň Kongresiniň Kitaphanasynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
* * *
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan wideokonferensiýa görnüşinde guralan maslahat Türkmenistandan hem-de Russiýa Federasiýasyndan bolan alym-syýasatşynaslary, degişli ugurdaky ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny we mugallymlaryny, şeýle hem diplomatlary bir ýere jemledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda eden çykyşyndan mysal getirilen: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň şu günümiziň we geljegimiziň hakykaty bolup, onda ähli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Öz üstümize alan halkara borçnamalarymyza berk eýermek bilen, umumy döredijilik maksatlaryna ýetmegiň hatyrasyna halkara guramalary bilen giň we işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy beýan edýäris» diýen sözler wideoköpriniň esasy pikirine öwrüldi.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň özboluşly mümkinçiliklerini hem-de oňyn ornuny bellediler. Bitaraplyk ýörelgeleri, çärýek asyryň dowamynda toplanan tejribe, BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara-hukuk kadalaryna üýtgewsiz ygrarlylyk halkara hyzmatdaşlygy we öňüni alyş diplomatiýasyny amala aşyrmakda öz beýanyny tapýar diýip, çykyş edenler bellediler.
Bellenilişi ýaly, häzir döwlet Baştutanymyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan ylalaşdyryjylyk başlangyçlary ählumumy meseleleri, şol sanda syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmekde zerur bolup durýar.
Durnukly ösüşiň maksatlaryny ornaşdyrmak halkara gatnaşyklaryň esasy wezipeleriniň hatarynda görkezildi. Olar Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnama hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan beýleki pudaklaýyn maksatnamalara we strategiýalara sazlaşykly ornaşdyryldy.
Çykyşlaryň bir bölegi Bitarap Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen köpugurly gatnaşyklaryna bagyşlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler birek-birege hormat goýmak, netijelilik hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler.
Ylym we bilim ulgamynda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralarynyň arasyndaky duşuşyklar yzygiderli geçirilýär.
Hususan-da, 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekildi.
Taraplar netijeli gatnaşyklary dowam etmekde, hususan-da, bilim bermek tejribesini alyşmakda hem-de döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça ylmy işleri we makalalary taýýarlamakda ýokary okuw mekdepleriň geljekki gatnaşyklary boýunça tekliplerini aýtdylar. Şeýle hem talyplary alyşmak hem-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça teklipler beýan edildi.