Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan kiçi futbol ýaryşy geçirdi
![](https://georgia.tmembassy.gov.tm/static/uploads/1x8ElzOVxtwXEXgsxfQCceq5vQDlgI-920x340.jpg)
2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna” we Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan kiçi futbol boýunça ýaryşy geçirdi.
Bu ýaryşa talyplar, şeýle hem Gruziýada ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.
Ýaryş başlamazdan ozal bu ajaýyp baýramçylygy dostlugyň, parahatçylygyň we sportyň belent ýörelgelerini öz içine alýandygy bellenildi. Ol Türkmenistanyň milli senenamasynda jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmäge goşant goşýan möhüm sene hökmünde aýratyn orun eýeleýär.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň aladasy netijesinde ýurtda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň durmuşa geçirmek, bedenterbiýe we sporty wagyz etmek we ösdürmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin uly işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.