img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Gruziýanyň DIM-nde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri M.Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ilçi M.Boçorişwilini Gruziýanyň Daşary işler ministri wezipesine bellenmegi bilen gutlady we oňa döwlet ähmiýetli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek giň gerimli halkara çäreler barada Ministre habar berdi.