Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
![photo](https://georgia.tmembassy.gov.tm/static/uploads/202502/4khMezb8GDTQyTMvpiQBk1JStkfG2v-920x340.jpg)
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Taraplar mähirli salamlaşyp, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, öz adyndan hem-de Türkmenistanyň ähli halkynyň adyndan Masud Pezeşkiany Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy – Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, dostlukly eýran halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.
Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.
Prezident Masud Pezeşkian hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Eýranda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda dürli ugurlarda özara gatnaşyklar alnyp barylýar. Ýurtlarymyz ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş, ekologiýa ýaly möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek teklip edildi.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi esasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjyny doly goldandygy we bu Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş edendigi üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, ýurdumyzyň hem Eýranyň halkara giňişlikdäki işlerine uly hormat goýýandygyny we goldaýandygyny nygtady.
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy şu ýylyň iň esasy çäreleriniň biri bolar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri forumyň geçiriljek gününde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigini aýdyp, Prezident Masud Pezeşkiany halkara Liderler forumyna we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy hem-de onuň bu çärelere gatnaşmagynyň forumyň üstünlikli geçirilmegine uly goşant boljakdygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz ýakyn wagtda resmi çakylyk hatynyň iberiljekdigini aýdyp, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly babatdaky tagallalaryny Eýranyň hem goldajakdygyna berk ynam bildirip, bu ugurda bilelikdäki çäreleri geçirmek barada maslahatlaşmagy teklip etdi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň geçirilmegini goldaýandygyny tassyklap, şu maksat bilen, ýakyn günlerde ýurdumyzyň daşary işler ministrini sapar bilen Eýrana ibermegi teklip etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky meselä ünsi çekip, 2024-nji ýylyň awgustynda Eýrana amala aşyran iş saparynyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, soňra oktýabrda Prezident Masud Pezeşkianyň Aşgabada bolan saparynda bu gepleşikleriň dowam etdirilendigini belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-eýran ykdysady hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdylyp, bu mümkinçilikleri doly ulanmak teklip edildi.
Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyz ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi we onuň gün tertibine Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda energetika, ulag, senagat we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumynyň girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Ýurtlarymyz ýangyç-energetika pudagynda köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýärler diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen «swap» usuly arkaly Türkiýe Respublikasyna ibermek boýunça «BOTAŞ» kompaniýasy bilen ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy.
Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz elektroenergetika pudagyndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mary – Maşat elektrik geçirijisiniň taslamasynyň “Mary” döwlet elektrik bekedinden Eýranyň serhedine çenli aralygyny gurmak barada teklibi berendigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, bu babatda eýran tarapy bilen gepleşikler geçirildi we degişli hukuk resminamasyna gol çekildi. Taslamanyň eýran kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.
Ulag pudagy hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan we Eýran Aziýa bilen Ýewropanyň, Hazar deňzi bilen Pars aýlagynyň arasynda geografik taýdan amatly ýerleşýär. Bu bolsa iki döwlet üçin ulag-logistika ulgamynda örän netijeli hyzmatdaşlyga ýol açýar.
Şunuň bilen baglylykda, eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli çekiljek awtomobil ýolunyň ähmiýeti nygtaldy. Bu taslamany amala aşyrmak üçin degişli Ähtnama gol çekildi. Taslama boýunça eýran kompaniýasy potratçy bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, degişli döwlet edaralaryna, kompaniýalara bu taslamany durmuşa geçirmek üçin tabşyryk bermek teklip edildi.
Gahryman Arkadagymyz suw meselesine ünsi çekip, bu meseläniň sebitimiz üçin örän wajyp ähmiýete eýedigini aýtdy.
Men geçen ýylyň dekabrynda Er-Riýad şäherinde geçirilen «Bitewi suw» sammitinde Türkmenistanyň suw meselelerine bolan garaýşyny açyk beýan etdim. Bu meselede üç sany esasy ýörelgä esaslanmak gerek. Birinjiden, halkara hukugyň kadalaryny berjaý etmek; ikinjiden, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini göz öňünde tutmak; üçünjiden, bu meselä halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we sebitiň suw meselelerini çözmek üçin Türkmenistan bilen Eýranyň bilelikde iş alyp barmagyny teklip etdi.
Gahryman Arkadagymyz ýene-de bir möhüm meselä – Hazar deňzindäki häzirki ýagdaýlara ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edildi. Şu ýylyň 17-18-nji fewralynda Tähranda üçünji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Oňa Türkmenistandan ýokary derejeli wekiliýet gatnaşar diýip, Milli Liderimiz aýtdy we forumyň Hazar deňziniň ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer meselelerini çözmäge gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada hem söhbet etdiler. Ýurtlarymyz bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk saklaýarlar, özara Medeniýet günleri we beýleki çäreler yzygiderli esasda geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu tejribäni mundan beýläk-de dowam etdirmek teklip edildi.
Geçen ýyl beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenildi. Bu şanly sene mynasybetli Eýranda hem bilelikdäki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we munuň üçin eýran tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşler edebiýat we sungat ugurlarynda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegiň, bu babatda iki ýurduň görnükli taryhy, edebi şahsyýetleriniň, tanymal sungat wekilleriniň ömri-döredijiligi hakynda maslahatlary geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar.
Şunuň bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklary giňeltmegiň, hususan-da, tebigy bilimler, ýokary tehnologiýalar babatda tejribe alyşmagyň möhümdigine üns çekildi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, bu söhbetdeşligiň türkmen-eýran gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.