«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dörttaraplaýyn iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, ulag ulgamy boýunça jogapkär ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda ýük gatnawlaryny ösdürmäge, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge degişli meseleleriň üstünde durlup geçildi.
Taraplar taslamanyň oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin söwda gatnaşyklaryna ýetirjek oňyn täsirini, şeýle hem Ýewropa we Aziýa bazarlaryny baglanyşdyrmak üçin ýük daşamak ulgamyna ýöriteleşen halkara guramalaryny çekmegiň möhümdigini bellediler.
Şeýle-de, taraplar ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, sanly tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu ýyl gol çekilmegi meýilleşdirilýän «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda halkara ýük gatnawynyň ösdürilmegine möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.