Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabatda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin Ilçä hoşallyk bildirdi.
Syýasy, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellemek bilen, taraplar dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler.
Iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berýändigi bellenildi.
Iki ýurduň abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklarynyň netijeliligi aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de degişli ýardamlary üçin türkmen tarapyna özüniň minnetdarlygyny bildirdi.