Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Russiýanyň Liderine bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýan, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň özara bähbitlilige, deňhukuklylyga, hoşniýetlilige, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde türkmen diplomatlaryna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň giňden baýram edilýändigi bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygynyň bu möhüm senä gabat gelmegi-de uly many-mazmuna eýedir.
Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ähli işgärlerini hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Tatarystan Resublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowy diplomatik işgärleriň güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de bu hünär baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Türkmenistanda saparda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Öz gezeginde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri gutlaglar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine, şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyna çuňňur hoşallygyny beýan etdi we üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýyllaryň dowamynda ykdysady, syýasy we beýleki ugurlarda köp işleriň amala aşyrylandygyny beýan edip, şonuň netijesinde, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyny belledi.
Biz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn nygtady we häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, deňhukuklylyk esasynda ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdi.
Medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport ulgamlaryndaky gatnaşyklar hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu bolsa ikitaraplaýyn dialogyň berkemegine itergi berýär.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar barada edýän aladasy üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigine ünsi çekip, şu ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna wekilçilikli forumyň geçiriljekdigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz tüýs ýürekden hormatyny beýan edip, myhmany bu foruma gatnaşmaga çagyrdy hem-de Rustam Minnihanowyň oňa gatnaşmak bilen, bu iri halkara çäräniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda şu saparyň türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüljekdigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we belent mertebeli myhman bilelikde Aşgabadyň Halkara howa menziline bardylar. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bu ýerden Watanyna ugrady.