Halkara zähmet guramasynyň Sebitleýin direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beate Andresyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meselelerini we bilelikde geçirilmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Adamlaryň arasynda parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi saklamagyň durmuşyň ähli ugurlaryna gönüden-göni täsir edýändigi bellendi.
Duşuşygyň dowamynda «2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň Ýol kartasyna» laýyklykda söhbetdeşler 2024-nji ýylyň dowamynda edilen işleriň netijelerine garadylar.
Şeýle hem 2025-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary kesgitlenildi. Türkmen tarapy HZG-niň bilermenleriniň gatnaşmagynda degişli okuwlary we seminarlary geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi.
Halkara zähmet guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak arkaly Türkmenistanyň şertnama-hukuk binýady berkitmek we geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere, hususan-da, Halkara zähmet konferensiýasyna taýýarlyk görmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.
***
Şol bir gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň HZG-niň Baş müdiriniň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beate Andres bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanda zähmet kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi arkaly amala aşyrylýan durumuş özgertmelerine syn berildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň konwensiýalaryna goşulmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.