Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Euronews” teleýaýlymyna beren interwýusy

2025-nji ýylyň 6-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Euronews” teleýaýlymyna beren ýörite interwýusy ýaýlyma berildi.
Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny tassyklady hem-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy wezipeleri barada gürrüň berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryny beýan etdi.
Interwýu şu salgyda ýerleşdirildi: