Türkmenistanyň DIM-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriljek çäreler boýunça brifing geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň DIM-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara guramalary bilen bilelikde geçirjek halkara çärelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, milli hem-de daşary ýurt KHBS-iň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda şu ýylyň mart aýynda geçiriljek halkara derejesindäki has möhüm duşuşyklar barada habar berildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025-nji ýyl” atly kararnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilkinji möhüm çäräniň BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki baş edarasynda 100-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçirilendigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen döredilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary tarapyndan degişli maksatnamalar we iş meýilnamalary tassyklanyldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda geçiriljek halkara çäreleriniň meýilnamasy hem bar.

Bu resminama laýyklykda, şu ýylyň ilkinji iki aýynyň dowamynda Türkmenistanda, daşary döwletlerde hem-de halkara guramalarynyň meýdançalarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýardam bermegi bilen DIM tarapyndan 44 sany duşuşyklar, maslahatlar we beýleki çäreler geçirildi.

Brifingiň dowamynda 19-njy martda Aşgabatda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygynyň orny” atly halkara maslahatynyň geçiriljekdigi barada habar berildi. Maslahata gatnaşmak üçin döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň wekilleri, şeýle hem kompaniýalaryň ýolbaşçylary çagyryldy.

Bu çäräniň işiniň Merkezi we Günorta Aziýadaky energetika, ulag hem-de infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti, TOPH gaz geçirijisi, TOP ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynyň orny we ähmiýeti, Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriň ulag arabaglanyşygy, şeýle hem bu sebitlerde ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine maliýe institutlarynyň gatnaşmagy ýaly mowzuklara gönükdirilmegi meýilleşdirilýär.

Iň möhüm çäreleriň hatarynda 29-njy martda Arkadag şäherinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly:  halkara ynsanperwer işiniň ösüşi” atly halkara maslahatynyň geçiriljekdigi aýdyldy. Çäräniň guramaçysy bolup Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy çykyş edýär.

Maslahata gatnaşmak üçin ynsanperwer hem-de durmuş işleriniň amal edilmegine jogap berýän daşary ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik düzümleri, halkara guramalarynyň, olaryň baş, sebitleýin hem-de we ýurt boýunça wekilhanalarynyň wekilleri çagyryldy. Bellenilişi ýaly, forumyň işi saglygy goraýyş, lukmançylyk kömeginiň berilmegi, bilim, çagalara we ýetginjeklere bilim hyzmatlarynyň berilmegi, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere gönükdiriler.

Şeýle hem R.Meredow ilkinji “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” sammitiniň öňüsyrasynda Aşgabatda “Merkezi Aziýa – ÝB” ministrler duşuşygynyň geçiriljekdigi barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, gatnaşyjylaryň ünsi türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Euronews” teleýaýlymyna interwýusynyň ähmiýetine çekildi. Söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça resmi garaýyşlary beýan edilýär.

Çykyş eden BMG-niň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň Täzeleýiş we Ösüş Bankynyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Liwiýanyň, Pakistanyň, Malaýziýanyň hem-de Fransiýanyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady utgaşygyny ilerletmekdäki ornuny nygtadylar. Geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyklaryň ähmiýetini bellemek bilen, gatnaşyjylar halkara meseleleri boýunça pikir alyşmaga hem-de ählumumy we sebitleýin gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça garaýyşlary beýan etmäge mümkinçilik berjek iri halkara çäreleri barada berilen maglumatlar üçin minnetdarlyk bildirdiler.