Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi

2025-nji ýylyň 18-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Halkara sergiler býurosynyň ýurdumyz bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilýän serginiň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, onuň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklara, Halkara sergiler býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşjakdygyny aýtdy hem-de bu saparyň Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, bütindünýä ykdysady işinde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barmakda halkara sergileriň möhüm ähmiýetini bellediler.
Diýarymyzda halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda, Halkara sergiler býurosy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmenistan bu düzümiň agzasy bolmak bilen, dürli ýurtlarda geçirilýän bütindünýä we ýöriteleşdirilen sergilere işjeň gatnaşýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi geçiriler. Halkara sergiler býurosy bu çäräniň guramaçysy bolup çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hem bu giň möçberli çärä işjeň gatnaşjakdygyny aýdyp, Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegi baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de halkara ähmiýetli we ählumumy ösüşi maksat edinýän sergileri geçirmäge, bu ugurda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklap, Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzese alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.