Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Şweýsariýa Konfederasiýasyna amala aşyran sapary barada

img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Şweýsariýa Konfederasiýasyna sapary amala aşyryldy.

Saparyň dowamynda Şweýsariýanyň Federal Daşary işler departamentiniň Döwlet sekretariatynyň Ýewraziýa bölüminiň ýolbaşçysy Mýuriel Peneweýre bilen syýasy geňeşmeler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy- diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýokary derejeli saparlaryň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, şol sanda halkara platformalarynyň çäklerinde şeýle gatnaşyklary guramagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Diplomatlar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler. Halkara düzümleriň, hususan-da BMG we ÝHHG-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligine üns çekildi.

Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän, şeýle hem häzirki wagtda taslamalarynyň üstünde işlenilýän hukuk resminamalaryna garaldy.

Mundan başga-da, diplomatlar Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny, hususan-da bilelikdäki işewürlik forumlaryny geçirmegiň we hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn mehanizmlerini döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem diplomatlar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda ylym we bilim pudaklaryndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki medeni çäreleri, medeniýet günleri we ş.m. geçirmäge gyzyklanma bildirildi.

***

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Şweýsariýa amala aşyran saparynyň barşynda Şweýsariýanyň Ykdysady meseleler boýunça Döwlet sekretariatynyň (SECO) ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar bölüminiň başlygy Andrea Rober Sakser bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda, energetika, ulag, agrosenagat we maýa goýum ulgamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny mälim etdiler.

Türkmenistan bilen SECO-nyň arasynda hyzmatdaşlygyň gurallaryny döretmegiň mümkinçilikleri, şol sanda tejribe alyşmak we hususy pudagyň ösüşinde innowasion çözgütleri ulanmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

***

Ahmet Gurbanow Şweýsariýanyň Federal daşary işler departamentiniň Döwlet sekretary Aleksandr Fasel bilen hem duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Bern şäherine amala aşyran saparynyň Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin ähmiýeti nygtaldy.

A.Gurbanow BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilen şu ýylyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Şu ýyl dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli çäreler geçirilýär.

Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumynyň şeýle wakalaryň esasylarynyň biri bolar. Şol günde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmegi hem simwoliki häsiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentine çakylygy gowşurdy.