UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda myhmany UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa ýurdumyzyň bu halkara düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistan bilen UNFPA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ylalaşdylar. Şu nukdaýnazardan, 2021-2025-nji ýyllar üçin UNFPA-nyň Türkmenistan boýunça ýurt Maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmeginiň çäginde bilelikdäki işleriň netijeliligi nygtaldy.
Reproduktiw we enäniň saglygyny gowulandyrmak, gender deňligi, demografiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini we gender kadalaryny ilerletmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.