Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary başlandy

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

Türküstan şäheriniň Hazret Sultan Halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Gazagystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Türküstan şäherindäki Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna baryp gördi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de dostlukly ýurduň Baştutany mähirli garşylanyldy we Türküstan şäheriniň taryhy barada gürrüň berildi.

Milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlygyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew, ilki bilen, Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine barýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp kitabynda belleýşi ýaly, «Medinede – Muhammet, Türküstanda – Hoja Ahmet» diýlip, belent mertebä eýe bolan ussat, ýasawylyk mekdebini esaslandyran, müňlerçe talyp ýetişdiren Hoja Ahmet Ýasawy türkmeniň orta asyr sopuçylyk edebiýatynyň başyny çekýär. «Türküstan piri» diýlip atlandyrylyp, mertebeli sopular tarapyndan uly hormata mynasyp bolan Hoja Ahmet Ýasawy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin türki halklaryň arasynda-da örän meşhurdyr.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany “Etnoaul” milli medeni toplumyna baryp görýärler.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi gazak milli döredijilik topary mähirli garşylaýar. Toplumyň wekili gazak ak öýi, gazak halkynyň gadymy döwürlerde ulanan öý hojalyk esbaplary, haly önümleri we beýlekiler bilen tanyşdyrýar.

“Etnoaul” milli medeni toplumy bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew “Turkistan Visit Centre” syýahatçylyk-maglumat merkezine ugradylar. Ýol ugrunda Milli Liderimiz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany ýadygärlik surata düşdüler.

Syýahatçylyk-maglumat merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türküstan şäheri barada wideoşekile tomaşa edip, taryhy eksponatlar bilen tanyşdylar.

Merkezdäki maglumat diwarlyklary, multimedia enjamlary taryhy ýadygärlikler, medeni çäreler, syýahatçylyk ugurlary barada giňişleýin maglumat berýär.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti “Karavansaray Turkistan” syýahatçylyk toplumyna baryp görýärler.

“Karavansaray Turkistan” Gündogar ertekisi äheňinde gurlan syýahatçylyk toplumydyr. Bu ýerde myhmanlar Türküstanyň taryhy, senetçiligi, medeniýeti, sportuň milli görnüşleri bilen tanşyp bilýärler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda hem syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Hazaryň türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işleriň aýdyň netijesidir.

Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna sapary dowam edýär.