Parlamentara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalary bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Şu ýylyň mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň hem-de onuň dowamynda gol çekilen resminamalar toplumynyň türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we berkedilmegine ýardam etjekdigi, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täzeden itergi döretjekdigi aýratyn nygtaldy.
Taraplar halkara guramalaryň, has takygy BMG-niň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyň üstünde durup, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamalarynyň, şeýle hem ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň hatyrasyna Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara ähmiýetlidigini belläp geçdiler.
Duşuşygyň barşynda häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasyndaky ynamy we özara düşünişmekligi berkitmekde netijeli gural hökmünde çykyş edýän parlamentara hyzmatdaşlygynyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky köptaraplaýyn özara gatnaşyklaryndaky esasy ugurlaryň biri bolup durýandygy hem bellenildi. Türkmen tarapy Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwilini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu duşuşyk parlamentara gatnaşyklary giňeltmekde we ösdürmekde netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.