Türkmenistanyň Daşary işler ministri Tähran dialog forumyna – 2025 gatnaşdy

photo

2025-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Tähran şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Syýasy we halkara barlaglar merkeziniň guramagynda Tähran dialog forumy – 2025 (Tehran Dialogue Forum) geçirildi.

Forumyň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy.

 “Hindi yklym böleginden Ýewraziýa çenli: ulag geçelgeleri, geoykdysadyýet we açylýan mümkinçilikler” atly ugurdaş bölümçede çykyş etmek bilen, R.Meredow sebitleriň durnukly ykdysady ösüşinde we özara baglanyşygynda möhüm şert hökmünde ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek babatyndaky Türkmenistanyň garaýyşyny beýan etdi.

Yklym geçelgeleriniň durmuşa geçirilmeginiň halkara hyzmatdaşlygynyň esasgoýujy bölegine öwrülmelidigi nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ýewraziýa giňişliginde utgaşdyryjy meýdançany döretmäge gönükdirilen “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” başlangyjyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy babatyndaky ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi, şol sanda milli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, demir we awtoulag ýollarynyň gurluşygy, Hazar deňzinde port infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy we sebit üstaşyr başlangyçlaryna gatnaşmagy ýaly ugurlar barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Eýranyň arasyndaky ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Şeýle hem R.Meredow DÖM-lere ýetmekde durnukly ulagyň ähmiýetine, 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilmegi we Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe mowzuklaýyn kararnamalaryň kabul edilmegi ýaly işleri nazara almak bilen, Türkmenistanyň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan goşandyna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň energetika ugrunyň ähmiýeti barada bellenildi. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça edýän tagallalary, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy hem-de Günbatar Aziýa sebitine elektrik energiýasynyň eksportyny giňeltmek barada aýdyldy.

***

Tähran dialog forumynyň çäklerinde R.Meredow bu çärä gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi, olaryň barşynda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.