Tbiliside türkmen halysynyň baýramy bellenildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Ahundowyň Öýi” muzeýinde türkmen halysynyň baýramçylygyna bagyşlanyp türkmen hem-de azerbaýjan haly önümleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergä Gruziýada akkreditirlenen daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri, Gruziýanyň Parlamentiniň deputatlary, Gruziýanyň halypa Ilçileri, bu ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Tbilisi şäher häkimliginiň, medeniýet pudagynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Gruziýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Myhmanlara elde dokalan çeper halylar we haly önümleri, milli şaý-sepler, dürli sowgatlyk önümleri hem-de suratlar görkezildi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow ýygnanlaryň öňünde çykyş etmek bilen, özünde türkmen halkynyň milligini, ruhy baýlygyny hem-de diline, sungatyna däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüni jemleýän türkmen halysynyň gadymy sungatdygyny belledi. Däp bolşy ýaly her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenýän we halkyň ajaýyp medeni mirasyna, ýagny elde dokalýan halyçylyk sungatyna bolan aýratyn sarpanyň nyşany hökmünde esaslandyrylan türkmen halysynyň baýramy milletiň bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy baýlygy bolan dokmaçylyk sungatynyň gadymy görnüşleriniň saklanylmagynda aýdyň mysal bolup durýandygy aýdyldy.

Ilçi bütin dünýäde ykrar edilen türkmeniň ruhy buýsanjy bolan türkmen halysynyň we türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagynyň sungatyň müdimiliginden ajaýyp nyşandygyny nygtady. Ol bu serginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanýandygyny goşmaça belläp geçdi. Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynda haly gölleriniň ýerleşdirilmegi türkmeniň ata-babalarynyň wesýetlerine, özboluşly däp-dessurlaryna, milli dünýägaraýşyň, häsiýetiň we halkyň ruhunyň dowamatyna ygrarlydygyny, şeýle hem ýagty geljege bolan ynamyny janlandyrýar.

Şeýle-de sergide beýleki çykyş edenler bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň medeni mirasy, gadymy gymmatlyklary we ýurtlaryň milli sungatyny ýaýmakda, şeýle hem halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmekligi berkitmekde uly orun eýeleýändigini bellediler. Olar türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Sergi şu ýylyň 27-nji maýyna çenli dowam eder.