Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri Tbilisi sebitleýin forumyna gatnaşdylar

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 5-6-njy iýuny aralygynda geçirilen “Durnukly durmuş-ykdysady ösüşde parahatçylygyň orny” atly Durnukly ösüş boýunça Tbilisi sebitleýin forumyna Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Foruma Gruziýanyň hökümet agzalary, häkimler we ýerli häkimiýet geňeşleriniň wekilleri, dürli ugurlardaky ýerli we halkara bilermenler, şeýle hem işewürlik pudagynyň, akademik toparlaryň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda durnukly ykdysady ösüş, maýa goýum gurşawynyň durnuklylygy, energiýanyň dikeldiýän çeşmeleriniň ösüşi we olardan peýdalanylyşy, netijeli gurluşyk we infrastrukrura, gozgalmaýan emlägiň bazary, ýerli işewürligiň ykdysady durnuklylygyny berkitmek, bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ösdürmek, syýahatçylygyň durnukly ösüşi, aýal-gyzlaryň ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly birnäçe wajyp mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forum özara tejribe alyşmaga netijeli meýdança bolup, ol uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny esaslandyrmaga, şeýle hem sebitiň abadançylygyna we ösmegine ýardam eder.