Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.
Kongres merkeziniň foýesinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady.
Sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Kongres merkeziniň uly mejlisler zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy geçirildi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hem gatnaşdylar.
Forumda ykdysady meseleleriň çäklerinde döwlet Baştutanlary özara haryt dolanyşygyny giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, şeýle hem möhüm ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Mundan başga-da, suw hojalygy, energetika, medeni-ynsanperwer, saglygy goraýyş ulgamlarynda tagallalary utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de şu gezekki sammitiň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de ol döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň 2026-njy ýylda täze — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentini konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmegi bilen gutlady.
Soňra duşuşyga gatnaşyjylara söz berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bildirilen myhmansöýerlik hem-de şu sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň şu formata doly hukukly agza hökmünde goşulyşmagy bilen gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti sebit derejesinde, şeýle-de halkara meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň sebitiň ähli döwletleriniň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegini talap edýändigine ünsi çekip, ulag, energetika, söwda ulgamlaryny, senagat we tehnologik kooperasiýany hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda belledi.
Ýurtlaryň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Munuň üçin Gündogar—Günbatar we Demirgazyk—Günorta ugurlary boýunça utgaşdyrylan geçelgeleri döretmäge girişmek gerek diýip hasaplaýaryn diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şeýle hem elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, sebitde we onuň töwereklerinde kuwwatly önümçilik, elektroenergiýa sarp ediş ulgamyny döretmegiň möhümdigi nygtaldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow senagatda we obasenagat toplumynda önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegini, ýurtlarymyzyň çäklerinde dürli ugurly bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň gatnaşmagyny, serhetýaka, sebit söwdasynyň giňeldilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görülýändigini belledi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň sebitde ekologik meselelerde, ilkinji nobatda, özara düşünişmek, raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek, Araly halas etmek we çölleşmek ýaly meselelerde bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýändigini belledi.
Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynda formatyň ýurtlarynyň ylalaşykly ekologiýa diplomatiýasynyň döredilmeginiň, Merkezi Aziýanyň meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüniň çekilmeginiň zerurdygyna ynam bildirdi.
Ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyk we ony ösdürmek hem möhüm ugurlaryň hatarynda bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen, ýurtlarymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň daşarky maýa goýumlar we energetika, ulag, kommunikasiýa hem-de beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalar üçin özüne çekijiligini artdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň doganlyk halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.
Özbegistanyň Prezidenti çuň manyly çykyşy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.