Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kim Bo Hýony kabul etdi.
Işewür duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, ony Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forumyň geçiriljek günlerinde türkmen topragynda kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy hem-de bu forumyň ählumumy parahatçylygy berkitmekde, ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakda, bilelikde häzirki zaman meseleleriniň çözgüdini tapmakda möhüm esas boljakdygyna ynam bildirdi.
Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow işewüriň saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda «Daewoo» kompaniýasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşyk işlerini alyp barýandygyny belläp, koreý kompaniýasynyň bu taslamany ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine, onuň döwrebap tehnologiýalary, ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzda döwlet hem-de sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda mundan beýläk-de netijeli işleri geçirjekdigine ynam bildirdi.
Kim Bo Hýon bildirilen uly ynam hem-de geljegi uly türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyna alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.