Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti bilen duşuşdy.

Premýer-ministr Sanae Takaiti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem ol Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň okgunly häsiýetini belläp, şunda yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejedäki saparlara aýratyn ornuň degişlidigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Sanae Takaitini Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we alyp barýan döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi we pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçmegi bilen hem tüýs ýürekden gutlady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen köpugurly, uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Türkmenistan we Ýaponiýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça birek-biregiň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar.

Parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmegi döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda wajyp ädime öwrüldi.

Söwda-ykdysady ugur türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa şu gezekki iş saparynyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini belledi.

Medeni-ynsanperwer ugur hem türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär.

Premýer-ministr Sanae Takaiti Ýaponiýanyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýändigini aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli duşuşygyň netijesi boýunça bilelikdäki Metbugat Beýanaty kabul edildi.