KHBS ​üçin maglumat

photo

2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçraýan Rona atly eýran ýük gämisinden SOS signalyny aldylar.

Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak bilen bagly döwlet edaralary tarapyndan deňiz gatnawynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan halkara kadalara laýyklykda gämidäki adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreler görüldi.

Wagtynda geçirilen işleriň netijesinde gämide bolan 14 adamyň ählisi halas edildi. Deslapky maglumatlara laýyklykda, olar Eýranyň we Hindistanyň raýatlarydyr.

Häzirki wagtda türkmen tarapy halkara kadalarda göz öňünde tutulan degişli çäreleri geçirýär.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy

2026-njy ýylyň 14-nji ýanwary