Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Konstantin Sabiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri boýunça pikir alyşdylar we iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar.
Duşuşygyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselesine üns berildi. Taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Mundan başga-da, taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.