Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde iň ýokary derejedäki yzygiderli saparlara we duşuşyklara kesgitleýji ornuň degişlidigi nygtaldy.

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda halkara giňişliginde alyp barýan işine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Russiýanyň halkara giňişliginde, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde, özara gatnaşyklarynyň işjeň derejesi bellenildi. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň beýleki formatlarynyň hatarynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy aýratyn bellenilip, onuň çäklerinde şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýändigi aýdyldy.

Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.