img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Dabarada, ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Dabaranyň dowamynda sahawatly ýörelgeleri ösdürmekde işjeňlik görkezen halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň käbir ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamak hakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany okaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa dabaraly ýagdaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýany we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnany mynasyp bolan sylaglary bilen gutlap, olara “Arkadag” medalyny gowşurdy.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna hemmeleri haýyr işleri esasy ugur edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli gutlady. “Ýokary döwlet sylagy meni mundan beýläk-de netijeli işlemäge we Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar” diýip, hanym J.Ratna belledi we munuň üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň çykyşy bilen dowam etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni bilen Türkmenistanyň Prezidentini hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny gutlap, ýurdumyzda ýagşy dessurlaryň dabaralandyrylýandygyny alamatlandyrýan bu çäräniň ähmiýetine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Seýidowa hem hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Onuň nygtaýşy ýaly, munuň özi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgeleriniň rowaç gadamlaryny alamatlandyrýan waka öwrüldi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan hemmeleri bu günki şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, özüne gowşurylan ýokary döwlet sylagyny uly buýsanç bilen kabul edýändigini aýtdy we munuň üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Soňra dabarada çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi. Ol aýratyn ähmiýetli we buýsançly sene bolan haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli guralan çärä gatnaşyjylary bu dabarada görýändigine örän şatdygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyzyň goldawlarynyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanda çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Gazna tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasy, Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekilmegi çagalaryň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändiginiň beýanydyr.

Parahat durmuş nesillerimiziň sazlaşykly ösüşiniň baş şertidir” diýip, O.Atabaýewa sözüni jemledi.

Soňra dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary bilen dowam etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.