img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň DIM-inde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýan bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine iň ýokary derejedäki saparlaryň möhüm itergi berýändigi bellenildi.

Taraplar iki ýurduň köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini, hususan-da BMG ýaly abraýly halkara düzümleriň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw berýändigini hem bellediler.