img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 13-14-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň ilkinji gününde türkmen wekiliýeti sebit ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň çäklerinde guralan «Ylymda zenanlaryň ýolbaşçylygy: häzirki zaman meseleleri, innowasion çözgütler we ylmy hyzmatdaşlyk» atly alym zenanlaryň forumyna gatnaşdy. Forumda çykyş eden Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanda sanly sowatlylygy ýokarlandyrmak, alym zenanlaryň biotehnologiýa, ekologiýa we innowasion tehnologiýalar ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini goldamak, şeýle hem bu ugurdaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada giňişleýin durup geçdi.

Şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda köpasyrlyk türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkidilýändigi nygtaldy. Taraplar ulag-üstaşyr, serhetýaka hyzmatdaşlyk, sanly tehnologiýalar ulgamynda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

14-nji maýda türkmen wekiliýeti «Zenanlara maýa goýum – durnukly ösüşiň esasy: zenanlaryň ykdysady, durmuş, syýasy we ekologiýa babatda hukuklaryny we mümkinçiliklerini berkitmek» ady bilen geçirilen Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy. Parlamentiň Başlygy öz çykyşynda Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň döwlet dolandyryşynda we jemgyýetçilik durmuşynda ornuny pugtalandyrmak syýasatyna uly üns berilýändigini belledi. Şeýle-de, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň halkara hukuk kadalarynyň we gender deňliginiň berkidilmegine goşjak goşandy nygtaldy.

Saparyň dowamynda Mejlisiň Başlygy foruma gatnaşyjylary we Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygyny Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Halkara zenanlar dialogyna, demografiýa boýunça halkara maslahata hem-de GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlesine gatnaşmaga çagyrdy.