Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy
2026-njy ýylyň 17–18-nji maýynda Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanda bellenip geçilýän milli baýramy — Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy.
Tbilisi şäherini keşplendirýän nyşanlarynyň birinde baýramçylyk çyralary bilen yşyklandyrylmagy milli baýramçylyklaryň ähmiýetini, şeýle hem taryhy däp-dessurlaryna we döwlet gymmatlyklaryna bolan sarpasyny aňladýar.
Bu simwoliki çäre iki halkyň arasyndaky özara dostlugyny, hyzmatdaşlygyny we medeni arabaglanyşygyny aýdyň görkezýär, şeýle hem türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň şaýady bolup hyzmat edýär.