Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklardyr çäreler geçirilýär. Ýurdumyz bu möhüm wezipä jogapkärli çemeleşmek bilen, öňde goýlan wezipeleri bilelikde çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekiliýetleri Aşgabada geldiler.
Geňeşiň mejlisi “Garagum” myhmanhanasynda geçirildi. Bu ýerde daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy çäkli düzümde başlanan mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, döwlet Baştutanymyzyň mähirli salamyny we üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi. GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin ýygnananlara tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi. Şunda Türkmenistanyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.
Soňra Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi. Ol mejlisiň gün tertibi boýunça degişli maglumat bilen çykyş etdi. Gün tertibi tassyklanandan soňra, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meseleleri, hususan-da, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Soňra mejlis öz işini giňişleýin düzümde dowam etdi. Mejlisiň öňüsyrasynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň resmi banneriniň, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň hem-de GDA-nyň baýdagynyň öňünde bilelikde surata düşdüler.
Mejlisiň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Türkmen tarapy özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ulag arabaglanyşygyny giňeltmäge, sanly tehnologiýalary ösdürmäge, senagat integrasiýasynyň döwrebap gurallaryny döretmäge aýratyn üns berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ulag we logistikany, bu ulgamlarda, söwda ulgamynda sanly çözgütleri ösdürmegi hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitleýändigi aýdyldy. Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde degişli guramaçylyk meselelerine hem garaldy.
Mejlis tamamlanandan soňra, jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda 2027-nji ýylda Minsk şäherini (Belarus Respublikasy), 2028-nji ýylda Karaganda şäherini (Gazagystan Respublikasy) “GDA-nyň ýaşlar paýtagty” diýip yglan etmek hakynda Çözgüt bar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijeleri metbugat maslahatynda beýan edildi. Bellenilişi ýaly, mejlisde GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giň meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de onuň netijeli häsiýete eýe bolandygy nygtaldy. Gün tertibine girizilen meseleleriň ählisi boýunça degişli çözgütler kabul edildi, resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Mejlisiň netijeleriniň Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Şu mejlisi guramaga beren goldawy hem-de bilelikde üstünlikli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi. Mejlis ýokary derejede, işjeň we açyk dialog ýagdaýynda geçdi.