img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda bir gün öň Aşgabada resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimi resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparyna iki döwletiň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýandygy bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideriniň Anwar Ibrahime iberen salamyny ýetirdi, şeýle-de öz adyndan we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Onuň Alyjenaby, Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahime mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Malaýziýanyň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Soltan Ibrahimiň Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Premýer-ministr Anwar Ibrahim Malaýziýanyň dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýan, oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň başlangyçlaryny doly goldaýandygyny we Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Premýer-ministr Anwar Ibrahim Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylda Malaýziýa amala aşyran saparyny ýatlap, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge kuwwatly itergi berendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtlarymyzyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ýoly geçendiklerine ünsi çekdi.

Nygtalyşy ýaly, iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmenistan hem-de Malaýziýa iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň iri kompaniýalarynyň biri bolan “PETRONAS” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen nebitgaz pudagynda 30 ýylyň dowamynda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, hususan-da, bilim ugrudaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan türkmen hünärmenleriniň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýändiklerini nygtap, bu ugurda malaýziýa tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Premýer-ministr Anwar Ibrahim Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda geljek ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň bellenilmegine 35 ýylyň dolýandygy aýratyn bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň halkara giňişliginde Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny we tekliplerini yzygiderli goldaýandygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem ol malaýziýa tarapynyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy barada 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara giňişligindäki uly abraýyny aýratyn nygtamak bilen, Premýer-ministr Anwar Ibrahim Türkmenistanyň Malaýziýa üçin strategik taýdan ähmiýetli hyzmatdaşdygyny yglan etdi.

Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamany goldandygy üçin Malaýziýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Malaýziýa Birleşen Milletler Guramasynda energetika howpsuzlygynyň, halkara ulag hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Kararnamalaryň awtordaşy bolup yzygiderli çykyş edýär.

Gepleşikleriň barşynda beýleki köptaraply düzümleriň, aýratyn-da, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşiginiň (ASEAN) çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň döwlet Baştutany ASEAN-y esaslandyryjy ýurt we onuň abraýly agzasy bolan Malaýziýa bilen gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Malaýziýanyň 2025-nji ýylda ASEAN-da başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berýändigi nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ösüp barýan ýurtlaryň kanuny bähbitlerini, ählumumy çözgütler kabul edilende olara berlen mynasyp orny we adalatly hukugy goramagy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky bilelikdäki işlerde örän möhüm ugur hökmünde kesgitläp, ýurdumyzyň Ählumumy Günortanyň ornuny pugtalandyrmak, dialog medeniýetini ilerletmek boýunça Malaýziýanyň başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.

“Biz halkara howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary ilerletmekde, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň maksatnamalaryny bilelikde goldamakda Malaýziýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys” diýip Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle hem howa gün tertibi, energetika geçişi, Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýanyň arasynda sebitara dialogy ösdürmek, Aziýa yklymynda täze ulag-logistika gatnaşyklaryny emele getirmäge ýardam bermek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň maksat edinilýändigi bellenildi.

Duşuşykda taraplar Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine hem garadylar. Söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlary, aýratyn-da, nebit-gaz pudagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şeýle hem Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistandaky esasy hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Premýer-ministr Anwar Ibrahim 1996-njy ýyldan bäri Türkmenistanda üstünlikli iş alyp barýan «Petronas» kompaniýasynyň işini goldaýandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi we taraplaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şahsy goşandyny hem-de goldawyny nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow nebitgaz pudagynda giň möçberli we uzak möhletli taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlanylandygyny, olaryň esasynda «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorodlaryň täze ýataklaryny özleşdirmek, Hazaryň geljegi uly nebitgaz toplumlarynda gözlegleri geçirmek boýunça giň gerimli işleriň başlanjakdygyny belledi.

Anwar Ibrahim Malaýziýada energetika pudagynda, maglumat merkezleriniň işini guramakda we beýleki ugurlarda Türkmenistanyň toplan baý hem döwrebap tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini, «PETRONAS» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda ýokary tehnologiýalar, maliýe-bank, dokma senagaty, ulag-aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, şähergurluşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyna üns çekildi.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bellenilişi ýaly, halklarymyzyň gadymy däpleri, baý taryhy mirasy bar. Bu däpler we miras birek-biregi ýakyndan tanamaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurtda özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklar, aýratyn-da, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydyr diýip, Anwar Ibrahim belledi hem-de Malaýziýanyň bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Malaýziýanyň Premýer-ministri beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň gymmatly eserleriniň malaý diline terjime edilmegini medeni gepleşikleriň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhmanyň şu saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendigini belläp, şu duşuşygyň iki döwletiň mundan beýläk-de bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklaýandygyna ynam bildirdi hem-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Sözüniň ahyrynda Anwar Ibrahim bilelikdäki tagallalaryň esasynda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk köprüleriniň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek we resminamalary özara alyşmak dabarasy boldy.

Özara alşylan resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Malaýziýanyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Malaýziýanyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi yglan edildi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Beýannamada şu gezekki gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn, sebit we halkara meseleleriň giň toplumyna seredilendigi, hormatly Prezidentimiziň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň iki ýurduň ikitaraplaýyn esasda, sebit, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanylýar hem-de Malaýziýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyran saparynyň netijeleri beýan edilýär.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

***

Ir bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy.

Asylly däbe görä, Premýer-ministr iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde Hormatly myhmanlar seýilbagynda bag nahalyny oturtdy.

Belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

Malaýziýanyň Premýer-ministri ýurdumyza saparynyň çäklerinde paýtagtymyzyň golaýyndaky Gypjak obasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhman Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady hem-de juma namazyny okady.

Türkmenistana resmi saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Malaýziýanyň Premýer-ministri paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi we Watanyna ugrady.