Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergisinde ata-eneleriň waspy

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Ýaşuly adamlaryň halkara gününe bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy. Ýaşulylara sarpa goýýan türkmen halkynyň milli gymmatlyklary ussatlaryň, ýaş žiwopisçileriň we heýkeltaraşlaryň dürli tilsimli köpugurly işlerinde öz beýanyny tapýar.
Eksponatlar bilen tanşyp ýörkäm meniň nazarym bir surata düşdi, onuň gahrymany maňa tanyşdy... Ol Mamajan ejedi, bu ene barada neşirimiziň sanlarynyň birinde gürrüň beripdik. Ykbal bu zenany Adamowlaryň maşgalasyna duşurýar, Mamajan eje uruş ýyllary olaryň öýünde bolup, Beýik Watançylyk urşunyň jeň meýdanlaryna söweşýän esgerler üçin ýyly joraplary örüpdir. Nakgaş onuň keşbini «Türkmen zenanlary – Watana» atly işinde ebedileşdiripdir.
Ýöne Ýewgeniýa Adamowanyň çeken Mamajan ejäniň portretini ilkinji görşümdi. Bu agajet, sada we ejiz zenanyň nazarynda umyt hem ynam görünýär. Başyna atan ak ýaglygy onuň keşbine çuňňur göçme many berýär...
Türkmenistanyň halk nakgaşy Kössek Nurmyradow «Güýz» atly işini görkezýär, onuň ikinji bir ady --«Bakylyk hakda söhbet ». Surat filosofik manyly ýordumy we awtora mahsus bolmadyk – güýzüň özi kysmy deý ýumşak we mähirli reňkleri bilen täsir edýär. Altynsow-gyzylymtyl ýaprakly äpet daragtyň astynda iki ýaşuly gezmeläp ýör.Ýaş baldaklarda şapagyň şöhlesi ýalpyldap görünýär. Äpet daragtlar we manyly nepis aksentler durmuş gymmatlyklarydyr nesil dowamaty barada pikir döredýär.
Türkmenistanyň halk nakgaşy Annadurdy Almämmedowyň «Enem» atly suratyna syn edeniňde, onda söýgüdir mähirli sarpa duýulýar. Ýaşynyň bir çene barandygyna garamazdan garry ene gujurly hem geljege umyly. Ekspressionizm ýörelgesinde çekilen çeper we aksentli usul gahrymanyň şahsyýetini açp görkezýär. Suratda agdyklyk edýän mele reňk mähir uçgunlaryna ýugrulan.
Türkmenistanyň halk nakgaşy Durdy Baýramowyň «Täzelik» atly suratynyň ýordmuna düşünmek üçin onuň ýanynda eglenýänler az däl. Agyr pursady başdan geçirien dört gahryman, hasrata, ejire, näumytlyga batan keşpler... Olaryň durmuşynda näme bolup geçdikä? Aramyzdan ir giden Durdy Baýramow bu syry welin açmandyr.
Maryly tanymal nakgaş Annadurdy Myradalyýewiň «Ene» atly suraty özüne maýyl edýär. Nakgaş türkmen enesiniň umumylaşdrylan keşbini zehinli döretmegiň hötdesinden gelipdir. Aýal maşgalanyň garaýşyndaky asuda sabyr we mähir onuň öýiniň-iliniň abatlygyndan habar berýär. Alawly ojak, gaýnap duran gazandaky tagamly çorba, ýerde bolsa-da, hamala, tagtda oturana meňzeýän zenanyň fonunda depesi garly gaýalaram pesejik baýyr bolup görünýär. Bu owadan nyşanlar biziň her birimize: ene – hemmäniň ornuny tutar, ýöne hiç kim onuň ornuny tutup bilmez, ata-eneler barada alada edip, siz maşgala ojagynyň oduny saklaýarsyňyz! –diýýär.