Tbiliside Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we 2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli onlaýn maslahaty geçirildi

2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli onlaýn maslahaty geçirdi.
Bu çärä Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, şeýle hem Gruziýanyň metbugat wekilleri gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda, 2021-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň özi Bitarap Watanymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Ýer ýüzünde durnukly ösüşiň we öňegidişligiň bähbidine oňyn sebit hem-de ählumumy işleri höweslendirmek, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmek ugrunda amala aşyrýan işleri babatyndaky wajyp ornuny aýdyň tassyklaýandygyny aýratyn üns bilen bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň paýhasly ýolbaşçylygynda ýurduň gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň we durmuş-ykdysady, ylym-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň halkyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagy üçin gönükdirilýändigi maslahatyň dowamynda bellenildi.
Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyndaky üstünliklerine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.