Türkmen we gruzin hünärmenleriniň buýan köküniň dermanlyk aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça onlaýn duşuşygy

photo

2021-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde türkmen we gruzin hünärmenleri buýan köküniň dermanlyk aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça onlaýn duşuşygyny geçirdi.

Duşuşyga Türkmen tarapyndan, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň, Oguz han adyndaky Inžiner-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri, Gruzin tarapyndan Gruziýanyň Daşky gurşawy goramak we oba hojalyk ministrliginiň Oba hojalyk boýunça ylmy-barlag merkeziniň, Gruziýanyň Oba hojalygy uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar buýan köküniň dermanlyk aýratynlyklary we onuň düzümindäki işjeň madda bolan glisirrizm turşysy barada pikir alyşdylar. Bilşiňiz ýaly, buýan köki adamlar tarapyndan ýokarky dem alyş ýollarynyň kesellerini bejermekde köpden bäri ulanylýar.

Buýan kökünden, şeýle hem glisirrizm turşusyndan taýýarlanylýan derman serişdeleri bejeriş-öňüni alyş täsiriniň bardygy alymlaryň degişli ylmy barlaglary tassyklaýandygy bellendi.

Şunuň bilen baglylykda, Taraplar bu ösümligiň aýratynlyklary barada has köp barlaglaryň möhümdigini bellediler we bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny mälim etdiler.