Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy 2022-nji ýyl «Halkyň arkadagly zamanasy» şygaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna bagyşlanan onlaýn brifing geçirdi.

2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Türkmenistanda 2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna, şeýle hem 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna bagyşlanan onlaýn görnüşde brifing geçirdi.
Brifinge «TV-24», «The Georgian Business Week», «News Day Georgia» habarlar agentligi, «Geoecohub» onlaýn neşiri, «Резонанс», «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Комсомольская правда» gazetleriniň žurnalistleri, syýasatşynaslar, şeýle hem Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň, Grigola Robakidze adyndaky uniwersitetiň we Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ilçi D.Muratow öz çykyşynda 2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bagtyýar eýýamy esaslandyran hem-de Türkmenistany täze üstünliklere alyp barýan Gahryman Prezidente bolan ähli halkyň söýgüsiniň we hormatynyň nyşanydygyny belläp geçdi.
Brifingiň dowamynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurduň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Döwlet-adam üçindir!» ynsanperwer syýasatynyň üstünlikli ýerine ýetitilmeginde öz beýanyny tapýandygy aýratyn bellenip geçildi.
Şeýle hem, ýurtda we ýurduň çäginiň daşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek boýunça işjeň taýýarlyk görülýändigini we Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynda saýlaw uçastogynyň açyljakdygy žurnalistleriň dykgatyna ýetirildi.
Çäräniň soňunda oňa gatnaşyjylar bu gurnalan we geçirilen brifing üçin Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasyna özleriniň minnetdarlygyny bildirdiler we Türkmenistan döwletine özüniň şöhratly özgertmeler we üstünlikli ýoluny mundan beýlek hem dowam etmegini arzuw etdiler.