TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DIPLOMATY BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Rasid Meredow BAE-niň diplomaty, Ilçi Mohamed Said Mohamed Al Ariki bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Degişli meseleleri taýrlamagyň wajypdygyny nygtap, taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Komitetiň nobatdaky mejlisini meýilleşdirilşi ýaly 2022-nji ýylyň dowamyna Abu-Dabi şäherinde geçirmegiň meselelerine garadylar.