Tbiliside Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýöriş geçirildi.

photo

2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda Tbilisi şäherinde Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýöriş geçirdi.

Bu ýörişe Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, türgenler we tälimçiler gatnaşdylar.

Ýörişiň başynda dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilendigi we milli senenamada aýratyn ýeri eýeleýändigi bellenildi. Bu sene dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň we ynsanperwerligiň, jemgyýetiň agzybirliginiň we jebisliginiň ýokary derejeli ýörelgelerini alamatlandyrýar.

Şeýle hem, Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýändigini, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, beden taýdan sagdyn nesil terbiýelemek  boýunça giň gerimli işler alnyp barylýandygy bellenilip geçildi. Welosiped sportyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär we köpçülikleýin welosipedli ýörişi diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem bütin dünýäde geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Welosipedli ýörişe gatnaşyjylar bu sport çäresi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge, şeýle hem sporty we sagdyn durmuşy wagyz etmäge gönükdirilen ýene-de bir ädim bolup durýandygyny bellediler.