RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Iýun

Türkmenistanyň we Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2025-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň bilen Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Wenesuelanyň wekiliýetine Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Tatýana Pýu Morena ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi, iki ýurduň arasyndaky syýasy-d...

DOWAMY
pic
13 Iýun

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny nygtap, dürli ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň wajyp meselelerine garadylar. Şol bir wagtyň özünde ministrler ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn düzümleriň çäginde geçirilmegi meýill...

DOWAMY
pic
13 Iýun

Aşgabatda “Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa” atly halkara maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Aşgabat şäherinde parahatçylyk, durnukly ösüş hem-de migrasiýa meseleleri boýunça halkara maslahat geçirildi. Çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemledi. BMG-niň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025-nji ýyl» atly kararnamasy bilen baglylykda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda guralan bu maslahat ählumumy hem-de sebit syýasatynda ynamyň binýatlyk ähmiýetini nygtaýar. Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata Gazagystandan, Gyrgyz Respublika...

DOWAMY
pic
13 Iýun

Грузинские ученые приняли участие в Международной конференция ко Дню науки

12 июня 2025 года грузинская делегация во главе с академиком-секретарем Национальной академии наук Грузии Владимером Папавой приняла участие в Международной научной конференция «Наука, техника и инновационные технологии в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства», приуроченной к широко отмечаемому в стране Дню науки. В современную эпоху комплексная модернизация системы образования и науки является одним из приоритетных направлений государственной политики Туркменистана. Реформы...

DOWAMY
pic
12 Iýun

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 9-11-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Foruma Bolgariýa, Slowakiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Azerbaýjan ýaly birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylary, şeýle hem birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeler...

DOWAMY
pic
10 Iýun

KHBS üçin maglumat

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle çözgüdiň türkmen tarapynda aşa düşünişmezlik hem-de alada döredýändigini mälim edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan migrasiýa babatynda ähli halkara kadalary we düzgünleri berk berjaý edýär. Şu n...

DOWAMY
pic
8 Iýun

«Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen geçirilen duşuşyk barada

2025-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň  kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika pudagy, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamy we beýlekiler ikitaraplaýyn hyzmatd...

DOWAMY