SOŇKY HABARLAR
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly türkmen-argentin syýasy geňeşmeleri geçirildi
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde Türkmenistan bilen Argentina Respublikasynyň arasyndaky üçünji syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berdiler we söwda, ykdysadyýet, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Birleşen Milletler Gu...
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary G.Guramişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türk...
Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissaryny kabul etdi
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýneni kabul etdi. ÝB-niň komissary wagt tapyp kabul edendigi we ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant...
Türkmenistanyň we Polşanyň DIM-leriniň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeler geçirildi
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň DIM-leriniň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň DIM-iň Ýewropa ýurtlary bölüminiň we Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy bölüminiň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler. Polşanyň wekiliýetine Polşa Respublikasynyň DIM-iň Gündogar departamentiniň direktorynyň orunbasary Marek Salka ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik...
Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýneniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki başlangyçlaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine garaldy. Hazarüsti ulag geçelgesiniň Utgaşdyryjy platformasynyň (TMTM) işe goýberil...
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy E.Bolkwadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösýändigini, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň täsirini berkidýän, ýurtlaryň arasynda oňyn gepleşikleri saklamaga ýardam berýän möh...
Проведение совместных мероприятий обсуждено с Заместителем Генсека ООН
30 сентября 2024 года на полях 79-й сессии Генеральной Ассамблеи ООН в Нью-Йорке состоялась встреча делегации Туркменистана во главе с Министром иностранных дел Рашидом Мередовым с заместителем Генерального секретаря ООН по делам Генеральной Ассамблеи и конференционному управлению Мовсесом Абеляном. На встрече стороны отметили значимость сотрудничества Туркменистана с ООН по широкому спектру вопросов. Выражены добрые пожелания в адрес туркменской стороны в связи с началом вице-председател...