SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMENISTAN BILEN PALESTINA DÖWLETINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistan Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyndan gepleşiklere Daşary işler ministri Raşid Meredow, Palestina tarapyndan, Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan Palestinalylaryň işi boýunça ministri Riýad Al-Maliki ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň hä...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-MALAÝZIÝA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde gatnaşyklary has hem ösdürmek baradaky özara ymtylyş ýene-de bir gezek t...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ BMG-NIŇ JYNSY KEMSITMELERI ÝOK ETMEK BOÝUNÇA KOMITETINIŇ (CERD) 110-NJY MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 7-31-nji awgusty aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa şäherindäki edarasynda Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komitetiniň 110-nji mejlisi öz işini dowam edýär. Şu ýylyň 21-22-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalan mejlisiň işine gatnaşýar. Mejlisiň birinji gününiň dowamynda Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WENGRIÝA IŞ SAPARY
2023-nji ýylyň 20-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş sapary bilen ugrady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýanyň Premýer-ministriniň çakylygy boýunça amala aşyrýan bu sapary netijeli döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup durýar. Häzir...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ÝÖRITE WEKILI, BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 14-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwl...
BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ DUŞUŞYGY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 14-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň täze bellenen ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. R.Meredow BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny bu jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işiniň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaş...
«HAZAR DEŇZI – PARAHATÇYLYK WE DOSTLUK DEŇZI» ATLY MASLAHAT ÖZ IŞINI TAMAMLADY
12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda şanly sene – Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy. Myhmanhananyň eýwanynda ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýän sergi maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýere ýygnananlar Hazar goraghanasynyň tebigat muzeýin...