SOŇKY HABARLAR
KÖP SANLY GÖRKEZIJILER BOÝUNÇA KLASTER BARLAGYNYŇ 7-NJI TAPGYRYNA TAÝÝARLYK IŞLERI BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde köp sanly görkezijiler boýunça Klaster barlagynyň ýedinji tapgyryna (MICS-7) taýýarlyk işleri boýunça mejlis geçirildi, oňa Türkmenistan ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ÝUNISEF we UNFPA düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşykda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistanyň Klaster barlagynyň öňki tapgyrlaryna netijeli gatnaşmagyny nygtady. Mundan başga-da, Klaster barlagyndan alnan magluma...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝAPONIÝANYŇ ARASYNDA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAGYŇ MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Taraplar döwletara gepleşikleri ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ornuny belläp, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslah...
PREZIDENT SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ WEZIPÄ GIRIŞMEK DABARASYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň türk Lideriniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara gatnaşmagy iki dostlukly ýurduň netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy maksat edinýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Iki doganlyk halkyň taryhy, medeni we ruhy kökle...
AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ MERKEZINIŇ TÄZE BINASY AÇYLDY
Şu ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň täze binasy açyldy. Açylyş dabarasyna ÝHHG-nyň Baş sekretary, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. ÝHHG-nyň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran saparyna bagyşlanyp ÝHHG-nyň Merkeziniň täze bina...
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ WE ÝEWROPA GEŇEŞINIŇ PREZIDENTINIŇ 2-NJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 2-nji iýunynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde "Merkezi Aziýa – Ýewropa Geňeşi" görnüşinde ýokary derejeli sammit geçirildi, oňa Ýewropa Geňeşiniň ýolbaşçysy Şarl Mişel, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Amannepesow gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýa we ÝB döwletleriniň arasynda köptaraplaýyn we özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine sere...
TÜRKMENISTANYŇ FRANSIÝADAKY ILÇISI HALKARA SERGILER BÝUROSYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Ilçi M.Çaryýewiň Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda, Ilçi onuň bu gurama Türkmenistanyň Wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurdy. Söhbetdeşligiň barşynda M.Çaryýew Halkara sergiler býurosynyň halkara sergileri guramak we utgaşdyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady. Türkmenistan bilen HSB-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny mälim etdi. Ilçi HSB Türkmenistanda milli we halkara...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÝHHG BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 1-njy iýunynda ýurdumyzyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi. Söhbetdeşler parlamentara dialogy işjeňleşdirmäge özara gyzyklan...