SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN RUMYNIÝANYŇ ARASYNDA BILIM ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK BOÝUNÇA RESMINAMA GOL ÇEKILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy maýynda, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň bilim ministrliginiň arasynda bilim babatynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi. Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa, rumyn tarapyndan bolsa, Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawal gol çekdiler.
RUMYNIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Rumyniýanyň Konstansa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy. "Jean Constantin" ýaşlar üçin köpugurly bilim merkeziniň eýwanynda sergi açyldy. Onuň esasy bölegi Magtymguly Pyragynyň kitaplaryndan, goşgular ýygyndylaryndan, şeýle hem türkmen halkynyň taryhyna, ýurdumyzyň täsin tebigatyna we syýahatçylygyň özüne çekijiligine bagyşlanan meşhur ylmy edebiýatdan ybarat boldy. Sergi bilen tanyşlyk mahalynda çärä gatnaşyjylar dünýä siwilizasiýasynyň ös...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE UNAMA-NYŇ MISSIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Roza Otunbaýewa bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit howpsuzlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. W.Hajiýewiň b...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ÝÖRITE WEKILLERI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala we Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm gün tertibi hem-de Türkmenistanyň we Ýewropa Bile...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrar...
ILAT ÝAGDAÝY WE ÖSÜŞI BOÝUNÇA HALKARA KONFERENSIÝASYNYŇ HEREKETLER MAKSATNAMASYNY AMALA AŞYRMAKDA ÖŇE GIDIŞLIGI BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenabat şäherinde 1994-nji ýylyň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň (IÝÖHK) Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda öňe gidişlik barada pikir alyşmak boýunça maslahat geçirildi. Hereketler meýilnamasynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Lebat welaýatynyň häkimliginiň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we weki...
TÜRKMENISTAN BILEN SLOWENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 23-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew wideoulgamy arkaly Sloweniýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşyk geçirdi. Geňeşmeleriň dowamynda diplomatlar türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigini nygtamak bilen, taraplar syýasy-dipl...