SOŇKY HABARLAR
Study tour of the delegation of Turkmenistan to Georgia
On 27-31 May 2024, a study visit of the delegation of Turkmenistan is taking place in Tbilisi regarding the best practices in the WTO accession negotiation process, as well as advancing national trade policies. The Turkmen delegation includes representatives of the Ministry of Finance and Economy, the Ministry of Justice, the Central Bank, the State Customs Service and others. Within the framework of the study visit, the Turkmen delegation held meetings with their counterparts at the Minis...
BMG-niň OHCHR-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Demokratik institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de adam hukuklary babatynda b...
Türkmen-gazak gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 27-nji maýynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astana şäherinde saparda bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilşi...
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2024-nji ýylyň 27-nji maýynda Astanada Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, gazak tarapyna – Premýer-ministriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibi örän baý boldy. Taraplar türkmen-gazak gatnaşyklarynyň depginli ösüş bile...
Türkmenistanyň DIM-nde Eýran Yslam Respublikasynyň işewür wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň işewür wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary babatynda pikir alyşdylar. Şunuň bilen birlikde, söwda, maýa goýum, senagat ýaly ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy we bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin äh...
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi
2024-nji ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzyň «Garagum» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň mähirli salamyny we mejlisiň işiniň üstünlikli geçmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ýygnananlara Arkalaşygyň çäklerinde özara gatna...
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik, şeýle hem Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary gura...