SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan we Filippinler Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 3-nji awgustynda Filippinler Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň wekiliýeti «Clark Freeport» erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm ädim boldy. Saparyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, Bazalary özgertmek we ösdürmek boýunça müdirlik (BCDA) bilen duşuşyk...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Filippinler Respublikasyna sapary
2024-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistan wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Manila şäherinde Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, filippin tarapyna – Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň Ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ASEAN-yň işleri boýunça sekretarynyň orunbasary Mariýa...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi
2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Myhman...
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we öz ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandy...
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Elizabet Rud bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Elizabet Rud Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýetine ünsi çekdiler. Syýasy-diplomatik gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady ugurda hyzma...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
2024-nji ýylyň 30-njy iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu saparyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Iri halkara guramany...
Министр иностранных дел Туркменистана принял участие в церемонии инаугурации Президента Исламской Республики Иран
30 июля 2024 года Министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов принял участие в церемонии инаугурации вновь избранного Президента Исламской Республики Иран Масуда Пезешкиана. В рамках визита Президент Исламской Республики Иран принял Министра иностранных дел Туркменистана, в ходе которого Р.Мередов передал от имени Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова и Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова поздравлени...