SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERINIŇ KATARYŇ ATÇYLYK FEDERASIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşdy. Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Liderine Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Taniniň aýdan mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GFR BILEN KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY BERKITMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň Bundestagynyň deputaty Peter Baýeriň ýolbaşçylygyndaky nemes wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibine seredip geçdiler. Bu ugurda iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarda geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem tassyklanyldy. Saglygy goraýyş, sanlylaşdyrmak, oba hojalyg...
AMBASSADOR OF TURKMENISTAN IN GEORGIA PRESENTED COPIES OF HIS CREDENTIALS
On August 31, 2023, the ceremony of presenting copies of Credentialsby the newly appointed of Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of Turkmenistan in Georgia Mr. D.Seyitmammedov to the Deputy Foreign Minister of Georgia Mr. A.Khvtisiashvilitook place at the Ministry of Foreign Affairs of Georgia. The Deputy Foreign Minister of Georgia congratulated the Ambassador on his appointment and expressed readiness of the Georgian side to provide assistance and support in his activities for th...
TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI
2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibiniň çäginde Toparyň şu ýylky iş Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýakyn geljekde geç...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin ÝB-niň ilçisine hoşallyk bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, ikitaraplaýyn görnüşde we "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" formatynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bilele...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ÝUNESKO-nyň işleri barada jogapkär agzalary, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Mahmud Abbasyň salamyny we Palestina gelmek baradaky çakylygyny hem-de ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pales...