RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Few

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ ADATDAN DAŞARY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

Şu gün, 11-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň nobatdan daşary mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýär.  Mejlisde...

DOWAMY
pic
9 Few

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 9-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ysraýyl Döwletiniň Syýahatçylyk ministri Ýoel Razwozow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny, hususan hem ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, oba hojalygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, tehnologiýa we ylym, şonuň ýaly-da syýahatçylyk we bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary h...

DOWAMY
pic
7 Few

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Gazagystanyň Daşary işler ministri M.B.Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň çygrynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, tarapl...

DOWAMY
pic
7 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KOREÝA RESPUBLIAKSYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şin Song-çol bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda diplomatlar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan Gutlag hatlaryny alyşdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ko...

DOWAMY
pic
5 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PEKINDE GYŞKY OLIMPIÝA OÝUNLARYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

Ozal habar berilşi ýaly, 2022-nji ýylyň 4-nji fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti HHR-nyň Başlygynyň çakylygy boýunça Pekine geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşy mynasybetli geçirilen dabaraly çärä gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekindäki XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy Türkmenistanyň spo...

DOWAMY
pic
4 Few

PEKINDE TÜRKMENISTANYŇ WE HHR-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün, 4-nji fewralda Pekinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Agzasy, Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gazanylan ylalaşykla...

DOWAMY
pic
4 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA SAPAR BILEN GELDI

2022-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýet HHR-nyň Başlygynyň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Saparyň dowamynda, ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar.

DOWAMY