RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Apr

EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

Aşgabada iki günlük sapar bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarifiň ýolbaşçylygyndaky eýran hökümet wekiliýeti geldi. Şu gün, 8-nji aprelde Eýranyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrlikleriň arasynda geňeşmeler geçirildi. Ministr Muhammad Jawad Zarif sapary guramagyň ýokary derejesi üçin türkmen tarapyna — Daşary işler ministri...

DOWAMY
pic
8 Apr

TÜRKMEN-ÝAPON SYÝASY GEŇEŞMELERIŇ BARŞYNDA MÖHÜM MESELELERIŇ BIRNÄÇESI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2021-nji ýylyň 8-nji aprelinde iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, ýapon tarapyna — Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa işleri boýunça Býurosynyň Baş direktorynyň orunbasary, Ministriň kömekçisiniň orunbasary Şuiçi Tokuda ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni...

DOWAMY
pic
8 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi hem-de söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň salamynydyr Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny hem-de parahatçylyk, bagt we abadançylyk baradaky arzuwla...

DOWAMY
pic
7 Apr

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu sene ýurdumyzda täze mana eýe bolup, sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesiniň töwereginde müňlerçe adamy birleşdirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diňe b...

DOWAMY
pic
6 Apr

AŞGABADA HAJ WE DIN IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRIŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY OWGAN WEKILIÝETI GELDI

Şu gün, 6-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Haj we din işleri boýunça ministri Mohammed Kasim Haliminiň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Ministr Mohammed Kasim Halimi ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli köpsanly taslamalarda öz b...

DOWAMY
pic
6 Apr

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp Gruziýada sport çäresi geçirildi

2021-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap kiçi futbol sport çäresini geçirdi. Bu sport çärä Gruziýada akkreditirlenen diplomatik missiýalaryň wekilleri, türgenler we sport söýüjiler gatnaşdylar. Çäre başlamazyndan öň BMG-niň Rezolýusiýasyna laýyklykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl Türkmenistanda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygar astynda geçýändigi bellenildi....

DOWAMY
pic
2 Apr

TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ ÇÄKLERINDE YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR

2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde gatnaşyjylar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk ugurda hyzmatdaşlyk şolaryň arasynda esasylarynyň biri hökmünde maslahatlaşyldy. Mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etmek bilen, GDA-nyň çäklerinde döredilen...

DOWAMY