SOŇKY HABARLAR
TÜRK GEŇEŞINIŇ SAMMITINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ENERGIÝA HOWPSUZLYGY UGURDA HYZMATDAŞLYGY GÜÝÇLENDIRMÄGE ÇAGYRDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BerdimuhamedowTürki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (Türk Geňeşiniň) resmi däl Sammitinde çykyş etmek bilen, sebitde we tutuş dünýäde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini belledi. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara bazarlaryny energiýa serişdelerini üpjün etmek boýunça birnäçe kararnamalarynyň, şol sanda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly...
TÜRKMENISTAN TÜRK GEŇEŞINIŇ DÖWLETLERI BILEN ULAG WE ARAGATNAŞYK BABATDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ TARAPDARY
Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (Türk Geňeşiniň) şu ýylyň 31-nji martynda geçirilen resmi däl Sammitinde özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda durnukly ösüş nukdaýnazaryndan, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda özara hereketleri giňeltmegiň ähmiýetini jikme-jik beýan etdi. Sebit we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça Tükmenist...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ SAMMITINE HORMATLY MYHMAN HÖKMÜNDE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Gazagystan Respublikasynyň birinji Prezidenti – Nursoltan Nazarbaýewiň başlangyjy bilen guralan çäre Gazagystan Respublikasynyň Türkestan şäherinde onlaýn görnüşine geçirildi. Sammite Türki geňeşiň agza-döwletleriniň ýolbaşçylary we Baş sekretary, şeýle-de bu Guramada synçy ýurt bolan Wengriýanyň Premýer-mi...
ОБСУЖДЕНЫ КЛЮЧЕВЫЕ НАПРАВЛЕНИЯ СТРАТЕГИЧЕСКОГО ПАРТНЕРСТВА ТУРКМЕНИСТАНА И РОССИЙСКОЙ ФЕДЕРАЦИИ
31 марта 2021 года в Москве в рамках визита правительственной делегации Туркменистана в Российскую Федерацию, в Москве был проведен ряд двусторонних встреч с руководителями государственных структур Российской Федерации, крупными компаниями в торгово-экономической, энергетической, химической промышленности, сельскохозяйственной и культурно-гуманитарной областях. В ходе визита состоялась встречи с руководителями Министерства здравоохранения Российской Федерации, Федерального государственного бю...
HALKARA FORUMYŇ DÖRDÜNJI SESSIÝASY “TÜRKMEN WE HINDI HALKLARYNYŇ MEDENI-TARYHY GATNAŞYKLARY: ÇUŇŇUR KÖKLER WE HÄZIRKI ZAMAN MÜMKINÇILIKLERI”
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde dördünji sessiýasy “Türkmen we hindi halklarynyň medeni-taryhy gatnaşyklary: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri” tema boýunça “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumyň çäklerinde plenar mejlisi geçirildi. Mejlise dünýäniň we sebitiň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Hindistanyň, Angliýanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Gazagystany...
“MUHAMMET BAÝRAM HAN TÜRKMENIŇ EDEBI MIRASY WE MILLI TERBIÝÄNIŇ KÖKLERI”
Tükmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumyň çäklerinde 2021-nji ýylyň 31-nji martynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Muhammet Baýram han Türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri” temasy boýunça üçünji plenar mejlis geçirildi. M...
IKINJI BÖLÜM TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATYNYŇ HALKARA GATNAŞYKLARYNDAKY ORNY BARADAKY BILIMI ARTDYRDY
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumyň çäklerinde, sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara gatnaşyklaryndaky orny” atly ikinji bölümiň mejlisi geçirildi. Mejlise türkmen we daşary ýurt alymlary, taryhçylary...